- tüýdük
- Sazçylyga degişli Gamyşdan we ş. m. ýasalan saz guraly.∙ Çopanyň tüýdüginiň owazyny diňlemek örän hezildi. («Pioner» žurnaly)∙ Oglanlar tä punkta barýançalar, tüýdük çalyp, aýdym aýdyşyp bardylar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem tüýdük - tüýdügi.◊ dilli tüýdük — Gamyşdan dil açyp çalynýan saz guraly.◊ gargy tüýdük — Gargy ýedi deşik deşilip ýasalýan, üflenip çalynýan saz guraly.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.